Çikagodaky Illinoýs uniwersitetiniň alymlary Gün energiýasyny, şeýle-de oba hojalygynyň galyndylaryndan, mysal üçin dökünden öndürilen biokömri ulanyp, suwdan wodorod öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar. Täze usul wodorod önümçiligini ekologiýa taýdan arassa we tygşytly etmek bilen, energiýa çykdajylaryny 600% azaltmaga mümkinçilik berýär. Biokömür suwa elektrolizden öň goşulýar, bu onuň wodoroda we kisloroda bölünmegi üçin zerur naprýaženiýäni peseldýär. Gözlegçiler biokömrüň bäş görnüşini synagdan geçirdiler we sygyr dersiniň iň gowy netijäni berýändigini anykladylar. Prosese energiýa bermek üçin diňe adaty kremniy Gün elementi ýeterlik, bu bolsa ony ýönekeý we elýeterli edýär. Täze tehnologiýa ekologiýa taýdan arassa ýangyjy we himiki serişdeleri öndürmäge mümkinçilik açyp, arassa energiýa ymtylyşda öňegidişlik bolup biler. “Biokömrüň we Gün energiýasynyň, takmynan, 35% -iniň wodoroda öwrülýändigi sebäpli bu proses örän netijelidir. Bular dünýä rekordlarydyr, öň görülmedik görkezijilerdir"-diýip, barlagyň awtordaşy Rohit Çauhan aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir