Şanhaýyň lukmanlary dünýäde ilkinji gezek näsagyň öz “gaýtadan düzülen” öýjüklerini transplantasiýa etmek arkaly onuň süýji keseliniň II görnüşini doly bejerdiler. Bu barada Şanhaýyň Ylym we tehnologiýalar boýunça iş toparyna (Science and Technology Commission of Shanghai Municipality) salgylanýan RBK ýazýar. 25 ýyl bäri süýji keselinden ejir çekip gelen 59 ýaşly erkek adam operasiýa edilenden soň 33 aýdan bäri hiç hili derman kabul etmeýär. Ozal onuň bedeni hiç hili insulin işläp çykarmaýanlygy sebäpli günde sanjym almaly bolýardy. Şanhaýyň “Çançžen” hassahanasynyň lukmanlar topary tarapyndan işlenip düzülen täze usul millionlarça adam üçin hakyky halasgär bolup biler. Şu wagta çenli beýle amallar diňe donorlaryň beden agzalaryny ulanmak arkaly geçirilýärdi, bu bolsa donorlaryň ýetmezçiligi sebäpli çynlakaý çäklendirmeler bilen baglanyşyklydy. Usulyň özboluşlylygy autologiki transplantasiýanyň ulanylmagyndan ybarat. Hassanyň aşgazan asty mäziniň işini dikeltmek üçin näsagyň öz sütün öýjükleri ulanylýar. 2021-nji ýylda geçirilen operasiýa ada öýjüklerine zeper ýeten süýji keselinde amal aşyrylan dünýäde ilkinji üstünlikli transplantasiýa boldy. Hytaýly alymlaryň üstünligi dünýäde millionlarça adama bu meseläniň geljegi bar çözgüdini hödürläp, süýji keseline garşy göreşmekde täze sahypany açýar. Hytaýda süýji keseli bilen keselleýänleriň sanynyň örän ýokarydygyny bellemelidiris. Halkara süýji keseli federasiýasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda 140 million näsag bar, olaryň 40 milliony ömürlik insulin bejergisine almaga mätäçdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir