Toyota kompaniýasy hereketlendirijide ýüze çykyp biljek näsazlyk sebäpli 100 müňden gowrak Tundra kysymly pikapy we Lexus LX kysymly wnedorožnigi yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Yza çagyryş täze goşa turbaly V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan 2022-2023 modellerine degişlidir diýip, IXBT habar berýär. Mesele motoryň içinde mehaniki galyndylar bar bolup, olaryň partlama, nädogry işlemeklige, ulagyň otlanmazlygyna we kuwwatynyň ýitmegine sebäp bolup biljekliginden ybaratdyr. Galyndylar tirsekli okuň podşipnigine zeper ýetirip, heläkçiligiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyryp biler. Toyota kompaniýasynda aýdyşlaryna görä, mehaniki galyndylar motora önümçilik wagtynda giren bolmagy mümkin we goşa turbaly V6 hereketlendirijisiniň içerki ýokary basyşy meseläni hasam çuňlaşdyrýar. Umuman alanyňda, yza çagyryş 102 000 sany ulaga degişli bolup, olar esasan 2022-2023-nji ýyllarda öndürilen we V35A-FTS hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Tundra pikaplary we Lexus LX600 wnedorožnikleridir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir