Roland Garros-yň üç gezek ýeňijisi serbiýaly Nowak Jokowiç häzirki ýaryşdan çekildi. Bu barada ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär. Jokowiçiň ýaryşdan çekilmegi sag dyzyna şikes ýetmegi bilen baglanyşyklydyr. Fransiýanyň Açyk çempionatynyň häzirki ýeňijisi bolan serbiýaly türgen dörtden bir finalda norwegiýaly Kasper Ruud bilen duşuşmalydy. Ýaryşdan çekilendigi üçin Jokowiç dünýäniň birinji raketkasy adyny saklap bilmez, reýtingde onuň ornuna italiýaly Ýannik Sinner geçer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir