11 ýyl mundan ozal özüniň 43,6 bitkoinli kripto-gapjygynyň parolyny ýitiren bir adam inžener-hakeriň kömegi bilen serişdesini yzyna alyp bildi diýip, Independent neşiri ýazýar. 2013-nji ýylda kripto-gapjygyň eýesi RoboForm-yň kömegi bilen parol döredip, ony şifrlenen TrueCrypt konteýnerinde saklap galdy. Ýöne ol konteýneriň zaýalanandygy sebäpli parola elýeterliligini ýitirdi. Şol wagt gapjykdaky bitkoinleriň bahasy, takmynan, 4 müň dollardy, ýöne 2024-nji ýyla çenli ol 3 mln dollara çenli ýokarlandy. Ulanyjy inžener we haker Jo Granda (Kingpin hökmünde tanalýar) kömek sorap ýüz tutdy. Ilkibaşda Grand ýumşy ýerine ýetirmegiň mümkin däldigi sebäpli ýüz öwürdi, ýöne onuň kärdeşi Bruno gapjygyň özüne däl-de, RoboForm-a “hüjüm etmegi” teklip etdi. Hakerler barlag geçirip, RoboForm parol döredijisinde parollaryň döredilen senesini bilip, olary kesgitlemäge mümkinçilik berýän gowşaklygy tapdylar: ýagny, RoboForm kompýuteriň häzirki senesiniň we wagtynyň esasynda açar döredýär eken. Grand we Bruno ulgam wagtyny 11 ýyl yza gaýtardylar we RoboForm-yň şol döwürde döredip biljek ähli parollaryny barlap gördüler. Netijede, olara dogry paroly tapyp, Maýka gapjyga elýeterliligi gaýtaryp bermek başartdy. Bilermenler bu döwüş usulynyň 2015-nji ýyldan soň döredilen parollar bilen işlemeýändigini, sebäbi RoboForm-yň şondan bäri öz platformasyny täzeländigini belleýärler.