1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň köpüsiniň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileridigini, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleridigini bellemek ýakymlydyr. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Çagalar dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalmak, sport bilen meşgullanýarlar. Olar diňe bir öz bilimlerini özleşdirmän, eýsem, dürli hünärleri hem ele alýarlar. Bu olaryň mekdebi tamamlanlaryndan soňra, uly durmuşa ynamly gadam urmaklaryna şert döredýär. Okuw maksatnamasynyň çäklerinde olar daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler, boş wagtlarynda kitap okaýarlar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň şu ýylyň aprelinde Türkiýe Respublikasyna gezelenjiniň guralmagy döwletimiz tarapyndan çagalaryň üns-alada bilen gurşalandygynyň ýene-de bir güwäsidir. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda, olar Ankara we Stambul şäherlerinde guralan döredijilik çärelerine gatnaşdylar. Şolara bu gurama agza we synçy döwletlerden çagalaryň çagyrylandygy bellärliklidir. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dabaralar guraldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir