Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyny «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýip yglan etdi. Degişli güwänama 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde gowşuryldy. Şol gün şeýle hem çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Festiwalyň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe, sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, çagalar hem-de ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamany Halkara Tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça jogapkär wekili SeýedAmir Borghei gowşurdy. Soňra çagalar tennis festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Tomaşaçylaryň öňünde ýaş türgenler we tennis ussatlary görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Olar ellerindäki raketkalar bilen topy geçirmegiň haýran galdyryjy usullaryny, bu owadan oýnuň özboluşly tilsimlerini ussatlyk bilen görkezdiler. Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şatlygyny artdyrdy. Bu çykyşlara akrobatikanyň, ritmiki we çeper gimnastikanyň, sportuň beýleki görnüşleriniň öwüşginlerini özünde jemleýän umumy tansy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýän türgenler hem goşuldylar. Soňra baýramçylyk çäresine gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.