2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Aşgabatdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan mekdep okuwçylary awtobuslaryň kerwenine tarap ugradylar. Olar tiz wagtdan bellenen ýere — dynç alyş merkezlerine bardylar. Bu ýerde çagalary mähirli garşyladylar, olara baýramçylyk süýjülikleri hödürlenildi, dynç alyş çäreleri guraldy. Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berildi. Mekdep okuwçylary ýokary hünär derejeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda gyzyklanýan ugurlary boýunça gurnaklara gatnap, kompýuter programmalaryny, daşary ýurt dillerini öwrenip bilerler. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem hünär ukybyny ele almak we tejribe toplamak, terbiýeçilere kömek bermek üçin Gökderä gelerler. Mundan başga-da, teatr, sirk, belli aýdym-saz toparlary ýaşajyk tomaşaçylar bilen duşuşmaga taýýarlyk görýärler. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenen dynç alyş meýilnamalarynda paýtagtymyzyň, welaýatlaryň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklere, muzeýlere, seýilgählere gezelençleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.