1-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Aleksandru Nartea, ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil, adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş Ylmy-kliniki merkeziň lukmany Allanur Saryýew çykyş etdi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda Türkmenistanyň döwlet syýasatyny, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkitmegiň ädimlerini maslahatlaşdylar.