Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady. "Bütindünýä welosiped güni dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar" diýip, döwlet Baştutany belleýär. "Welosiped sürmek sportuň gyzykly görnüşi bolup, ilatymyzyň beden taýdan sagdynlygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň artykmaçlyklaryna hem-de ekologik abadançylyga ýetirilýän täsire mynasyp baha berip, onuň bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şu nukdaýnazardan, welosiped sportuny has-da işjeň ösdürmek maksady bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýy — 3-nji iýuny aralygynda ilkinji gezek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça uzak aralyga welosipedli ýörişiň guralmagy uly ähmiýete eýedir" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir