Balkanabatdan 23 ýaşly türkmen boksçysy Saparmyrat Ödäýew Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşynda Gonkongdan gelen Li Kon Çinden üstün çykdy. 63,5 kg çenli agram derejesindäki duşuşykda türkmen türgeni eminleriň biragyztan karary bilen ýeňiş gazandy. 1/16 final tapgyrynda Ödäýew Aziýanyň çempiony, mongoliýaly boksçy Sentraatar Erdenebat bilen duşuşar. Balkanabatda N3 sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän S.Ödäýew şu ýylyň mart aýynda Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna eýýäm gatnaşyp gördi. Şonda oňa Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak üçin sähelçe ýetmedi. Saparmyratdan başga-da, Bangkokda Olimpiýa ýollanmasy ugrunda ýene bir türkmen türgeni göreş alyp barýar. Öň habar berşimiz ýaly, Şükür Öwezow 57 kg çenli agram derejesinde ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy. Belläp geçsek, türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow ýaryşda ilkinji tutluşygynda ýeňlip, ondan gaýtdy. Bangkokda geçirilýän ikinji Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşy türgenlere Pariždäki Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak üçin iň soňky mümkinçilikdir.