Dünýäde ilkinji doly derejeli personal kompýuter hasaplanýan 1972-nji ýylyň Q1 kompýuteriniň seýrek nusgasy ABŞ-da Heritage Auctions auksionyna çykaryldy diýip, RBK ýazýar. Öz döwründen öňe giden bu ykjam kompýuter Londonda tötänleýin tapyldy. Ol ekran, klawiatura we printer bilen enjamlaşdyrylan bolup, hasaplaýyş tehnikasynyň taryhynda özboluşly artefaktdyr (ýadygärlikdir). “Özboluşly mämişi ekranly we klawiaturaly bu täzeçil gurluş öz döwründen has öňe giden dizaýnda forma bilen funksionallygyň ajaýyp utgaşmasyny görkezýär” – diýip, auksion öýi belleýär. Wagtyň käbir yzlary goýandygyna garamazdan, Q1-iň ýagdaýy gowy. Ýöne gurluşyň işe ukyplylygyna kepil berilmeýär. “Printerde “ýaşyna” laýyk gelýän tozan we pos bar, ýokarky lýuk hem ýok. Şeýle-de bolsa, bu predmetiň seýrekligini göz öňünde tutsaň, bular ownuk kemçiliklerdir” – diýip, söwda öýi habar berýär. Lotuň başlangyç bahasy 32 müň dollar.