“Realyň” angliýaly ýarym goragçysy Jud Bellingem 2023/24 La Liga möwsüminiň iň gowy oýunçysy boldy, “Žironanyň” baş tälimçisi Miçel Sançes bolsa iň gowy tälimçi diýlip ykrar edildi. “Realyň” 20 ýaşly oýunçysy ispan ligasyndaky ilkinji möwsüminde 20 oýunda 19 gol geçirip we 6 netijeli geçirim edip, ajaýyp çykyş görkezdi. 48 ýaşly Miçel Sançes “Žironany” çempionatda üçünji orna getirdi we taryhda ilkinji gezek kluby Çempionlar ligasyna çykardy. Iň gowy oýunçy üçin baýraga şular hem dalaş edipdi: Winisius Žunior (“Real”) Takefusa Kubo (“Real Sosýedad”) Artýom Dowbik (“Žirona”) Aleiş Garsiýa (“Žirona”) Robert Lewandowskiý (“Barselona”) Antuan Grizmann (“Atletiko”) Isko (“Betis”) Kirian Rodriges (“Las-Palmas”) Aleksandr Serlot (“Wilýarreal”) Iň gowy tälimçi üçin baýraga dalaş etdiler: Karlo Ançelotti (“Real”) Ernesto Walwerde (“Atletik”) Diego Simeone (“Atletiko”) Marselino Garsiýa Toral (“Wilýarreal”)

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir