Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýerde türkmen futbolçylary 1-nji iýunda Grenlandiýanyň ýygyndysy bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda habar berdiler. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler. Milli ýygyndy toparymyzyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygy “Aşgabat” stadionynda geçiriler. Saýlama tapgyrçasynda «E» toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy geçirilen duşuşyklarda bir utuk toplady. Bu toparçada Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary öňdeligi eýeleýärler.