Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibini, ondan peýdalanmagyň kadalaryny ulanmak boýunça Gözükdiriji tassyklanyldy. Degişli resminama Türkmenistanyň içeri işler ministriniň Buýrugy bilen tassyklanyldy we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 23-nji maýda döwlet belligine alyndy. Gözükdiriji Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, çalşyrmak, gaýtadan bermek, pasporta onuň eýesiniň ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmek hem-de ondan peýdalanmak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Pasport birlikleriniň işini guramak we oňa ýolbaşçylyk etmek Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirligi, welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde bolsa, degişli Polisiýa müdirlikleriniň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar. Gözükdirijide pasporta Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýeti barada onuň dogluş hakynda şahadatnamasyna laýyklykda girizilmeli maglumatlar getirilýär. Şeýle hem Gözükdirijide pasporta haýsy ýazgylaryň ýazylýandygy bellenilýär. Bulardan başga-da, Gözükdirijide şular barada maglumat berilýär: Pasporty resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi; Pasporty çalşyrmagyň, gaýtadan bermegiň we pasporta onuň eýesiniň ýaşyna laýyk gelýän suratyny geçirmegiň tertibi; Pasportda raýatyň ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnandygy we (ýa-da) ýazgydan çykarylandygy hakynda bellik etmegiň tertibi; Pasportdan peýdalanmagyň kadalary; Pasportyň eýesinden wagtlaýyn alynmagy we yzyna gaýtarylyp berilmegi. Gözükdirijiniň doly tekstini şu salgydan okap bilersiňiz.