AliExpress söwda platformasyna eýeçilik edýän Hytaýyň Alibaba kompaniýasy Angliýanyň futbol ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem bilen şertnama baglaşdy. Ol brendiň dünýädäki ilçisi bolar we AliExpress-i “AliExpress bilen has köp gazan” kampaniýasynyň çäklerinde dünýä tanadar. Bekheme tölenjek puluň mukdary aýan edilmedi. AliExpress-iň 2024-nji ýylda geçiriljek ýetip gelýän Ýewropa futbol çempionatynyň hemaýatkärlerinden biridigini ýatladýarys. Platforma ýaryşa millionlarça dollarlyk maýa goýumlaryny goýdy we ýörite teklipler hem-de arzanladyşlar bilen onlaýn- alyjylary özüne çekmegi meýilleşdirýär. Bekhemiň gatnaşmagyndaky mahabat kampaniýasy ýaryş bilen deňine başlar hem-de AliExpress-iň tanymallygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler we ulanyjylary “AliExpress bilen has köp gazanmaga” höweslendirer. Mart aýynda Ýewropa Komissiýasynyň AliExpress-de galp dermanlar ýaly, töwekgelçilikli önümlere garşy näderejede göreşilýändigini barlamak üçin platformany derňemäge girişendigini ýatladýarys. Şeýle hem, komissiýa Hytaý platformasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gadagan edilen mazmuna girmeginden goramak boýunça geçirýän çärelerini gözden geçirer. "AliExpress ähli sarp edijiler üçin ygtybarly we amatly bazar döretmäge borçlanýar" – diýip, kompaniýanyň wekili mälim etdi.