Pew gözleg merkezi derňew geçirdi we 2013-nji ýyldaky web sahypalaryň 38%-iniň indi elýeterli däldigini anyklady. Bu ýörelge soňky ýyllarda hem dowam edýär: 2014-nji ýylyň sahypalarynyň 35%-i, 2015-nji ýylyň sahypalarynyň 31%-i, 2016-njy ýylyň sahypalarynyň 30%-i we ş.m. Bu esasan aýratyn sahypalaryň ýa-da tutuş saýtlaryň pozulmagy sebäpli ýüze çykýar. Şeýle hem gözleg habarlar saýtlarynyň 23% -iniň we hökümet saýtlarynyň 21% -inde azyndan bir işlemeýän linkiniň bardygyny anyklady. “Wikipediýada” bu görkeziji has ýokary: sahypalaryň 54%-iniň linkleri kesilen. Sosial ulgamlar hem ýagdaý şeýle. Twitleriň 20%-e golaýy çap edileninden birnäçe aý geçensoň eýýäm elýeterli däl. 60% ýagdaýda bu ulanyjynyň hasabynyň öçürilmegi ýa-da petiklenmegi, 40%-de bolsa twitiň özüniň pozulmagy bilen baglanyşykly. Şeýle hem, türk we arap dillerindäki twitleriň 40%-den gowragynyň çap edilenden soň, üç aýyň içinde ýitip gidýändigini aýratyn bellemelidiris.