Kompýuterleriň iMac liniýasynyň adyny döreden marketolog Ken Sigall indi Apple önümleriniň adynda “i” prefiksini ulanmagy bes etmäge çagyrýar diýip, Wired ýazýar. 1998-nji ýylda iMac döredilende, TBWA\Chiat\Day mahabat agentliginde kopiraýter bolup işlän Sigall, "i" prefiksi köneldi we häzirki zaman dünýäsinde Apple-iň düýp manysyny we gymmatlyklaryny görkezmeýär diýip hasaplaýar. iMac-yň internete aňsat girmäge mümkinçilik berýän rewolýusion önüm bolan wagty, onuň adyndaky “i” dogry hasaplanýardy. Indi internet hemme ýere ýaýransoň we Apple enjamlarynyň diňe beýle hyzmaty ýerine ýetirmegi talap edilmeýärkä, “i” aktuallygyny ýitirýär. Sigall iPhone-y hem, ilki başda internet elýeterliligine gönükdirilen telefon hökmünde mysal getirýär. Ken Sigal: “Biz “i-den" dynmaly, bu indi manysyz. Elbetde, Jobs “i” arkaly Apple-i gurdy, ýöne onuň elmydama subbrend bolandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Apple prefiksden dynsa aklyny ýitirjekdigini aýtjak marketologlar tapylar – ol, henizem käbir beýik markalaryň öňünde dur, ýöne ony gorap bolmaýar we uzak wagtlap, internete birikdirilen “i” prefiksli kompaniýalar hem bolupdy, bu bolsa öz innowasiýalary bilen tanalýan Apple üçin meseledir”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir