27-nji maýda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň köpugurly gatnaşyklarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Taraplar hökümetara, parlamentara, pudagara we daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir