Netflix hyzmaty 2023-nji ýylyň iýul aýyndan dekabr aýy aralygynda platformada iň meşhur bolan filmler we seriallar barada maglumatlary hödürledi. Bu barada Variety habar berýär. Filmleriň arasynda baş keşpleri Juliýa Roberts bilen Itan Houkyň ýerine ýetirmegindäki “Dünýäni yzda galdyr” (Оставь мир позади) antiutopik trilleri lider boldy. Ol üç hepdede 121 mln tomaşa ýygnady. Ikinji orny Gal Gadot bilen “Stounyň ýüregi” (Сердце Стоун) filmi eýeledi (109 mln tomaşa), üçlügi bolsa Netflix-iň taryhynda iň iri animasion taslama bolan “Leo” multfilmi jemledi (96 mln tomaşa). Seriallaryň arasynda 71 mln tomaşa ýygnan “Wan-Pis” meşhur boldy. Ol platformada anime-kontentiň tomaşa sanyny iki esseden gowrak artdyrdy. Ilkinji üçlüge “Eýjejik çaga” (Милое дитя) mini-serialy we “Erin Karter kim?” (Кто такая Эрин Картер?) kriminal trilleri-de girdi. Ýeri gelende bellesek, Netflix-iň häzire çenli iň uly üç taslamasy – “Wednesday” (Уэнсдэй), “Gyzyl duýduryş” (Красное уведомление) we “Kalmar oýny” (Игра в кальмара) – uly islegden peýdalanmagy dowam etdirýär. 2023-nji ýylda olar degişlilikde, 98, 62 we 25 mln tomaşa ýygnadylar. Iňlis dilinde bolmadyk şoular we filmler ähli tomaşalaryň tas üçden bir bölegini emele getirýärler. Aýratynam, koreý (9% tomaşa), ispan (7%) we ýapon (5%) taslamalary uly meşhurlyk gazanýar. “Sport” kategoriýasyna bolan isleg hem artýar. 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda ol, umuman, 184 mln tomaşa ýygnady. Iň meşhur taslama “Bekhem” dokumental mini-serialy boldy (44 mln tomaşa). Doly sanaw 6 599 serial möwsümini we 9 395 filmi öz içine alýar.