Astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna äkitmek üçin niýetlenen Boeing Starliner kosmos gämisi 1-nji iýunda ilkinji ekipažly uçuşyna taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg habar berýär. Öň ýüze çykarylan kiçiräk geliý syzmasyna garamazdan, NASA we Boeing kompaniýalarynyň wekilleri CST-100 Starliner gämisiniň howpsuzlygyna ynamly. Missiýanyň dowamynda ekipaž geliý derejesine düýpli gözegçilik eder. “Aslynda, syzma uçuşyň howpsuzlygyna howp salmaýar we biziň ondan baş çykarmak üçin görkezmelerimiz bar” – diýip, Boeing-iň wise-prezidenti we Starliner programmasynyň ýolbaşçysy Mark Nappi belledi. Starliner-iň işlenip taýýarlanmasy astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna gatnatmak üçin NASA bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda 2014-nji ýylda başlandy. Eger uçuryş üstünlikli bolsa, geljekde Starliner kosmos taksisi hökmünde ulanylar.