"Bugatti Sur Mesure" topary eksklýuziw giperkar bolan Chiron 55 1 of 1-iň çykyşyny bildiriş etdi. Awtoulag 1931-nji ýylda Žan Bugatti tarapyndan döredilen, rowaýata öwrülen Type 55 Super Sport modeliniň ommažy hasaplanýar diýip, IXBT ýazýar. Chiron 55 1 of 1 Type 55 Super Sport-yň gara-sary reňk gammasyny, şeýle hem onuň özboluşlylygyny görkezýän başga-da birnäçe dizaýn elementlerini miras alypdyr. 55 belgisi yzky krylo, gapdallar we gapylar ýaly kuzowyň dürli böleklerine owadanlyk berýär. Chiron 55 1 of 1 tehniki taýdan 1600 at güýjüni ösdürýän we 1600 Nm torkly adaty 8 litrlik turbo görnüşli W16 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Elektrik hereketlendirijisi bilen bilelikde elektrik gurluşynyň iň ýokary güýji 1800 at güýjüne ýetip biler. Chiron 55 1 of 1 öz görnüşinde ýeke-täk nusgadyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir