Mýunheniň "Bawariýa" klubunyň hüjümçisi Harri Keýn 2023/2024 möwsümiň jemleri boýunça Ýewropa ligalarynyň iň gowy bombardiri hökmünde "Altyn butsy" baýragyny aldy. 30 ýaşly iňlis futbolçysy Germaniýanyň çempionatynda 36 gol geçirip, ikinji ýerde ýerleşen "Ştutgartyň" hüjümçisi Seru Girassiden (28 gol) 8 gol öňe geçdi. Iň gowy bombardirleriň sanawynda üçünji ýeri "PSŽ-den" 27 gol bilen Kilian Mbappe eýeledi. Bu möwsüm Keýn üçin Bundesligada ilkinji möwsümidi. Klubuň düzüminde ol dürli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 44 gol geçirdi we 12 sany gol pasyny berdi. Emma bu "Bawariýa" çempion bolmaga kömek etmedi. Mýunhenli klub soňky 12 ýylda ilkinji gezek möwsümi ýekeje-de baýrak alman tamamlady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir