Antarktidadaky Brant buz ýalpaklygyndan meýdany 380 inedördül kilometre barabar aýsberg döwlüp aýryldy. Bu soňky dört ýylda sebitde uly aýsbergiň üçünji gezek döwlüp aýrylyşydyr diýip, British Antarctic Survey habar berýär. A-83 diýlip bellenen täze aýsberg Copernicus Sentinel-1 we NASA Landsat 8 Ýere gözegçilik ediş hemralary tarapyndan ýazga alyndy. Döwlüp aýrylmak 20-nji maýda bolup geçdi, ol birnäçe hepde öň buz ýalpaklygynda peýda bolan jaýryklaryň ýaýramagy netijesinde ýüze çykdy. Aýsbergiň döwlüp aýrylmagy buz ýalpaklygynyň tebigy häsiýeti bolsa-da, ol ummanyň ýerli aýlanyşygyna täsir edip biler. Hemra arkaly şeýle ýagdaýlara gözegçilik etmek hünärmenlere Antarktidadaky global maýlamagyň täsirini yzarlamaga we geljekde buz örtükleriniň üýtgemegini çaklamaga mümkinçilik berýär. Alymlar Antarktidadaky buzuň dowamly ýitmeginiň deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna, kenarýaka suw joşmalaryna we adatdan daşary howa şertlerine sebäp bolup biljek çynlakaý meseledigini bellediler.