27-nji maýda Astanada Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar boldy, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy. Iň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň wajyp orununda ünsi jemlemek bilen, taraplar bu gepleşikleriň uzak möhletleýin geljegi nazara almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy faktory bolup hyzmat edýändigi barada nygtadylar. Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. Şeýle hem ministrler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginini we ösüşini güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, taraplar bilelikdäki iş üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine garadylar. Çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen anyk taslamalaryň durmuşa geçirilýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi. Ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat ýaly ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garalyp geçildi. Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.