Gresiýanyň alymlary Giçki bürünç eýýamynyň söweş hereketlerini modelirlediler we harby deňiz güýçleriniň esgerlerini Troýa eýýamynda ulanylan gorag esbaplarynda we ýaraglarynda söweş hereketlerini gaýtalamak üçin çagyrdylar. Arheologlar 1960-njy ýylda Gresiýanyň günortasyndaky gadymy Mikenden birnäçe km uzaklykda ýerleşýän Dendra obasynyň golaýyndaky guburdan 3500 ýyllyk bürünç sowut tapdylar. Ýewropanyň bürünç eýýamynyň iň gadymy sowut eşikleriniň biri 18 sany bürünç plastinadan ybarat bolup, ony deri gaýyşlar bilen berkidipdirler. Esbaplaryň uzynlygy 1,75 m, takmynan 60-65 kg agramdaky adam üçin niýetlenendir. Saklanyp galan plastinalar söweşijini boýnundan dyzyna çenli gorapdyr. Onuň agramy azyndan 18 kg. Tapyndylaryň tagaşyksyz görnüşi olar söweş esbaplary däl-de, dabara esbaplary bolandyr diýmäge alymlara esas berýär. Olaryň hakyky söweşde ulanmaga näderejede laýykdygyny bilmek üçin Gresiýanyň Ýaragly Güýçleriniň deňiz goşunlarynyň gatnaşmagynda gaýtadan dikeldiş işleri geçirildi diýip, PLOS One žurnalynyň makalasynda aýdylýar. Gözlegçiler Gomeriň Troýa urşunyň iň işjeň söweşleriniň 10 gününi beýan edýän "Iliadasyny" esas edip aldylar. Synaglardan öň gatnaşyjylaryň hemmesi söweş sungaty, harby söweş taktikasy we ýarag boýunça tälimçiden tälim aldy. Şeýle hem deňiz pyýada goşunlary wagtlaýynça aheýlere mahsus iýmite: agşamyna et we gyzyl çakyra, gündizine çörek, geçi peýniri, zeýtun we suw bilen iýmitlendiler. Dikeldiş döwründe poemada beýan edilen söweşijilere kybap esbap toplumyny geýen 13 esger Dendranyň ýaraglarynyň nusgalaryny geýip 11 sagatlap söweşdi. Söweş wagtynda alymlar bürünç eýýamynyň ahyrynda Gresiýada tomus döwrüne mahsus bolan 30-36 gradus Selsiýada “söweşijileriň” bedeniniň sarp edýän energiýasyny we düşýän agramy ölçediler. Şeýle hem alymlar olaryň ýürek urgusyny, energiýa sarp edişlerini, bedenleriniň gyzgynlygyny, suwuklygy ýitirişlerini, myşsalarynyň işleýşini we gematologiki parametrlerini ölçediler. Synagyö netijeleri gowy taýýarlykly söweşijileriň şeýle söweş esbaplarynda tutuş günläp söweşip biljekdigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, synaga gatnaşyjylar aşa ýadawlygyň, esbaplaryň agyrdygy sebäpli bedeniň ýokarky böleginde agyrynyň, ýöremek, ylgamak, arabaly gitmek we aýakýalaňaç söweş sebäpli aýak agyrysynyň bardygyny bellediler. "Ýekme-ýek" we "pyýada esger arabaly söweşijä garşy" tutluşyklary has dartgynly boldy, "arabanyň üstünde hereket etmek" we "arabaly arabala garşy" tutluşyklary bolsa onçakly dartgynly hasaplanmady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir