Sierra Space kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Dream Chaser DC-100 orbital kosmos uçary soňky synaglardan geçmek üçin ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kennedi kosmos merkezine geldi. Eger ähli ulgamlary bökdençsiz işlese, ol şu ýylyň ahyrynda Halkara kosmos stansiýasyna (ISS) ilkinji uçuşyna çykar diýip, NASA-a salgylanýan Hi-Tech habar berýär. Tenacity Kanaweral burnunda ýerleşen kosmos merkezinden uçuşa goýberiler. Ol HKS-na azyk, suw we ylmy enjamlary äkider. Stansiýa bilen birleşenden soň, 45 gün töweregi orbitada bolar, soň bolsa Shooting Star modulsyz, 3,5 tonna ýük bilen yzyna dolanar. Tenacity (iňlis dilinden terjime edilende “tutanýerlilik” diýen manyny berýär) diýlip atlandyrylýan Dream Chaser DC-100 Ýeriň pes orbitasyna ýygy-ýygydan edilýän uçuşlar üçin niýetlenen göteriji korpusly gaýtadan ulanylýan kosmos uçarlarynyň ilkinjisi bolar. Taslama 20 ýyl bäri ösdürilýär. Ilkibaşda ol kosmonawtlary HKS-na daşamak üçin kosmos gämisi hökmünde göz öňünde tutulypdy, ýöne bu ýeri Boeing bilen SpaceX eýeledi. Bäsleşikde kompaniýalar 6,8 milliard dollarlyk şertnama aldylar. Emma 2016-njy ýylda NASA HKS-na gymmatly we ynjyk ýükleri ibermek üçin Dream Chaser -i saýlady. Tenacity birnäçe üýtgeşik aýratynlyklara eýedir. Gaty ganatlar oňa Ýeriň atmosferasyna girmäge we ýumşak, özbaşdak gonmaga mümkinçilik berýär. HKS bilen birleşende takyklygy ýokarlandyrmak üçin üç režimli manýowrly hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylandyr. NASA Tenacity-si HKS-a azyndan ýedi gezek gatnaw etdirirmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir