Enjam gowşak elektrik togy bilen diliň tagam reseptorlarynda hereket edýär, bu adamy iýmiti asyl ýagdaýyndan has duzly duýmaga mejbur edýär: "Bu, batareýany ýalamak ýaly" diýip, Mail.ru ýazýar Elektrik gyjyndyrmasy gaty ýeňil we bedene zyýan bermeýär. Işläp düzüjiler, bu usul bilen tagamy ýitirmän duz sarp etmegi azaldyp boljakdygyny öňe sürýärler. Täze önüm ýürek keseli, gipertoniýa we çiş ýaly duzuň aşa köp sarp edilmeginden döreýän keselleriň howpuny azaltmak üçin niýetlenendir. Öň TmCars, duzuň aşa köp sarp edilmeginiň ilatyň saglygyna nähili täsir edýändigi barada BSGG-nyň maglumatlaryny mysal getiripdi. Gurama her gün 2000-2300 mg natriý sarp etmegi maslahat berýär, bu bolsa 5-6 gr duza deňdir. Ortaça adam iki esse köp sarp edýär. Kirin-den gelen täze çemçäniň bahasy 9,800 ýena (takmynan 62 dollar). Geçen ýyl, şuňa meňzeş taslamanyň Amerikanyň SpoonTEK startapy tarapyndan hödürlenendigini belläp geçeliň. Şeýle-de bolsa, olar hasam öňe gitdiler - çemçe ähli tagamlara täsir edýär, şol sanda süýji iýilende şeker kabul edilmegini çäklendirip bilýär. Mundan başga-da, çemçe aýratyn idegi talap etmeýär - nahardan soň ony aňsatlyk bilen suwda ýuwup bolýar. Enjamyň içki elementlerine zeper ýetip biljekdigi sebäpli, önümi gap-gaç ýuwýan maşyna salmazlyk maslahat berilýär. Garşy görkezmeler: enjamy kardiostimulýatorlar ýaly elektrik lukmançylyk enjamlary oturdylan adamlara ulanmak maslahat berilmeýär.