2024-nji ýylyň oktýabr aýyndan aýyndan başlap, Türkiýä barýan raýatlara ýurduň çägine ýanyň bilen diňe 1 (bir) mobil telefonyny almaga rugsat berler. Täze düzgün elektron tehnikalaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak maksady bilen girizildi diýip, AiF rus neşiri Karamanin Sesi neşirine salgylanyp habar berýär. Täze düzgüne laýyklykda, ikinji telefon gümrük gullugy tarapyndan konfiskasiýa ediler (elden alnar) we wagtlaýyn goş saklanýan ammara goýlar. Telefonyň eýesi ony diňe ýurtdan çykyp barýarka alyp biler, özi hem, üç aýdan giç bolmadyk möhletde almaly. 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkiýä getirilen telefonlaryň işleýiş möhleti 120 günden 180 güne çenli artdyryldy. Bu möhlet tamamlanandan soň, türk operatorlary daşary ýurt enjamynyň GSM-modulyny "gara sanawa" goşarlar we smartfon ýurduň torlarynda işlemegini bes eder. Telefony blokdan diňe gümrük salgydyny töläp açdyryp bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir