Apple kompaniýanyň taryhynda iň inçe smartfon boljak täze iPhone-ny çykarmaga taýynlanýar. iPhone 17 Slim diýlip atlandyrylýan bu modeliň 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda iPhone 17 bilen birlikde hödürlenmegine garaşylýar diýip, habarly çeşmelere salgylanýan The Information neşiri ýazýar. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa, iPhone 14 Plus-yň we 15 Plus-yň satuwynyň pesdigi bilen baglanyşykly iPhone-yň Plus wersiýasyndan ýüz öwürmek kararyna geldi. Modellere, hatda iPhone 12 mini-den we 13 mini-den hem az isleg bildirildi. Çeşmeleriň çaklamaklaryna görä, täze iPhone 17 Slim, iPad Pro M4-de ulanylýana meňzeş täze OLED ekrany alar. Bu bolsa onuň bahasynyň başlangyç nyrhy 1200 dollar bolan Pro Max modelinden hem has ýokary bolmagyna getirer. Maglumatlara görä, iPhone 17 setiri aşakdaky modellerden ybarat bolar: iPhone 17 iPhone 17 Pro iPhone 17 Pro Max iPhone 17 Slim (adynyň üýtgedilmegi mümkin) Şeýle hem, Apple -iň 2025-nji ýylyň ýazynda iPhone SE býujet smartfonyny hödürlemegi meýilleşdirýändigi bellendi. Smartfonyň dizaýnynyň esasy iPhone 14-e meňzeş bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir