19-njy maýda Blue Origin kompaniýasy alty adamdan ybarat ekipaž bilen New Shepard suborbital kosmos gämisini uçurdy. Bu barada TASS habar berýär. Uçuryş Wan-Horn şäheriniň (Tehas ştaty) golaýyndaky kosmodromdan amala aşyryldy. Uçuş 11 minut töweregi dowam etdi we kosmos gämisi, takmynan, 100 km belentlige çykdy. Bu Blue Origin-iň 2022-nji ýyldan bäri ilkinji ekipažly uçuşy boldy. Iki ýyl mundan ozal sürüjisiz uçuşyň dowamynda gäminiň bir bölegi weýran boldy, ýöne kapsula üstünlikli gonmagy başardy. Şondan soň Jeff Bezosyň kompaniýasy arakesme aldy we häzir adamly uçuşlaryny gaýtadan dikeltdi. New Shepard-yň bortunda amerikaly maýadar Meýson Enjel, fransiýaly Silwen Hiron, inžener we telekeçi Kennet Hess, pensiýaçy Kerol Şeller, Hindistandan dolandyryjy Gopi Totakura, şeýle-de ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň 90 ýaşly weterany Ed Duaýt bardy. Ed Duaýt 1961-nji ýylda Prezident Jon Kennedi tarapyndan ýurtda kosmonawt bolmak üçin ilkinji garaýagyz dalaşgär hökmünde saýlanypdy, ýöne şol döwürler ol kosmosa uçup bilmedi. Blue Origin 2000-nji ýylda Amazon-yň eýesi Jeff Bezos tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýa kosmos enjamlarynyň we raketa göterijileriň, şeýle-de raketa hereketlendirijileriniň önümçiligi bilen meşgullanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir