Fransiýaly futbolçy Kilian Mbappe haýyr-sahawat auksionynda (bäsleşikli söwda) ady rowaýata öwrülen braziliýaly futbolçy Peläniň portretini satyn aldy. Ol kartina üçin 520 müň ýewro töledi diýip, RMC Sport habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, Mbappe auksion öýüne "PSŽ-den" topardaşy bilen barypdyr. Portretiň başlangyç bahasy bary-ýogy 5 müň ýewro bolupdyr, emma söwdalaşygyň barşynda alty sany gatnaşyjynyň arasynda söwda barha gyzypdyr. Portretiň bahasy 300 müň ýewro baranda, söwdalaşykda diňe Mbappe bilen "PSŽ-niň" goragçysy Aşraf Hakimi galypdyr. Netijede Mbappe topardaşyndan has ýokary bahany hödürläp, 520 müň ýewro kartinany satyn alypdyr. Umuman, auksionyň barşynda jemi 2,7 mln ýewro toplanypdyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir