"PSŽ-niň" hüjümçisi Kilian Mbappe Parižiň merkezinde 250 adamlyk agşam naharyny gurnap, klub we şäher bilen hoşlaşdy. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem bardy, ýöne döwlet Baştutany bu çärä gatnaşyp bilmedi, diýip Le Parisien habar berýär. Agşamlyk nahary Mbappe-niň Pariž hekaýasynyň iň soňky nokady boldy, çünki klub bilen şertnamasy öňümizdäki tomus gutarýar. 25 ýaşly futbolçynyň “Real” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, Madrid klubunyň oýunçysy bolmagyna garaşylýar. Millionlarça dollarlyk teklipler baradaky myş-myşlara garamazdan, Mbappe "Realda" "PSŽ-den" alýan aýlygyndan pes aýlyk almaga razy boldy. Şeýle-de bolsa, oýunçynyň 150 million ýewro gol çekmek hukugynyň bardygy, bellenip geçilýär. "PSŽ-niň" prezidenti Nasser Al-Helaifi bu çärä gatnaşmady. Ondan öň fransuz KHBS-si futbolçynyň klubdan çykmak karary sebäpli onuň Mbappe bilen bolan dawasy barada habar beripdiler. Bu möwsümde Mbappe 27 gol, 7 netijeli geçirim edip, 1-nji Liganyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. "PSŽ" üçin ol 47 oýunda 44 gol we 10 netijeli geçirim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir