Kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler 3,4 mln dört belgili PIN-kodlary seljerip, iň köp ýaýran we netijede, iň gowşak parollaryň sanawyny düzdüler. “New York Post” neşiriniň belleýşi ýaly, antireýtingiň liderleri şular boldy: 1234; 1111; 0000; 1212; 7777; 1004; 2000; 4444; 2222; 6969. Hünärmenler şeýle ýönekeý sazlaşmalaryň ulanylmagynyň kod döwüjileriň işini ep-esli aňsatlaşdyrýandygyny belleýärler. Iň az ýaýran we netijede, has ygtybarly PIN-kodlar şular boldy: 8557; 8438; 9539; 7063; 6827; 0859; 6793; 0738; 6835; 8093. Hünärmenler şahsy maglumatlary (doglan senesi, telefon belgisi, ýakynlaryň atlary), gaýtalanýan sanlary we ýönekeý yzygiderliligi ulanmakdan gaça durmagy maslahat berýärler. Iň gowusy, çylşyrymly PIN-kodlary döretmek we saklamak üçin parollar menejerini ulanmakdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir