Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy. 2024-nji ýylyň aprelinde Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi 17 140 elektrik ulagyny satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 90% köp. Kia-nyň umumy satuwynda elektrik ulaglarynyň paýy 7%-e ýetdi diýip, ITHome habar berýär. Satuwyň umumy ösüşine garamazdan, Kia-nyň flagman EV6 modeline bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende 39% azaldy we onuň 5728 sanysy satyldy. Kia 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda täze EV3-iň we täzeden dizaýn edilen EV6-nyň satuwa çykarylmagy kompaniýa elektrokarlaryň satuwynyň ösüşini ýokary depginde saklamaga mümkinçilik berer diýip garaşýar. Kia 2024-nji ýylyň aprelinde jemi 261022 awtoulag satyp, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,6% köpdür. Şol bir wagtyň özünde, 2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynda jemi satuw 1 milliondan geçdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,6% az.