Dýuk uniwersitetinde (ABŞ) AIW sanjymynyň prototipi işlenip düzüldi we adamlarda geçirilen deslapky synaglarda geljegi uly netijeleri görkezdi. Cell žurnalynda neşir edilen makalada beýan edilen bu derman eýýäm birnäçe hepdäniň içinde AIW-e garşy antibedenleriň öndürilmegini stimulirläp biler. Sanjym wirusyň gabygynyň, hatda mutasiýa wagtynda hem üýtgemän galýan bölegini nyşana alýar. Bu sanjymlara jogap hökmünde öndürilen antibedenlere AIW-iň dürli ştammlaryny netijeli zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär. Kliniki synagyň birinji tapgyryna 20 sany sagdyn, AIW görkezijisi otrisatel bolan meýletinçi gatnaşdy. 15 adam sanjymyň meýilleşdirilen dört dozasynyň ikisini, 5 adam bolsa üç dozany aldy. Netijeler, iki inýeksiýadan soň dessine, sanjymyň immuniteti 95-100% ýokarlandyrandygyny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, täsiri giň spektrli antibedenler öndürildi we immun öýjükleri bolsa yzygiderli üýtgeýän wirusa uýgunlaşmaga mümkinçilik berýän mundan beýläk-de ösmek ukybyny saklady. "Waksinamyz birnäçe hepdäniň içinde zyýansyzlandyryjy antibedenleri öndürýär" - diýip, gözlegiň awtory, hirurgiýa kafedrasynyň dosenti Wilton Uilýams aýtdy. Gözlegçiler has ygtybarly sanjym döretmek we wirus gabygynyň has köp sebitini öz içine almak üçin gözlegleri mundan beýlek-de dowam etmegiň zerurdygyny bellediler. Üstünlikli AIW sanjymy birnäçe bölekden ybarat bolup, olaryň hersi wirusyň bir bölegini nyşana alar diýlip garaşylýar.