Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy öz çibini ikinji hassa implantasiýa etmek (oturtmak) üçin FDA ygtyýarnamasyny aldy. Bu barada ixbt.com habar berýär. Operasiýa iýun aýyna meýilleşdirilýär, şu ýylyň ahyryna çenli bolsa Neuralink şeýle operasiýadan 10 sanysyny geçirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň bazasynda eýýäm 1000-den gowrak isleg bildirýän bar. Kompaniýa şuňa meňzeş synaglara başlamak üçin geljek aýlarda Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň düzgünleşdiriji edaralaryna hem ýüz tutmak isleýär. Ýatlap geçsek, ýakynda Neuralink çibi oturdylan 29 ýaşly ilkinji hassanyň organizminiň çibi kabul etmän başlandygy belli boldy. Kompaniýa bu meseläni çözmek üçin programma üpjünçiliginiň täzelenmesini çykarmaly boldy. Bellenilişi ýaly, çibiň käbir elektrodlary beýni bilen aragatnaşygyny ýitirdi, bu hem impulslary okaýyş tizliginiň peselmegine sebäp boldy.