Business Insider-iň habar bermegine görä, Mehiko şäherindäki kiçijik takohana kompaniýanyň ilkinji meksikan ýolgörkezijisiniň çäklerinde Michelin ýyldyzyny aldy. 56 ýyl ozal Meksikanyň paýtagty San Rafael etrabynda döredilen El Califa de Leon garbanyşhanasy täze önümlerden we elýeterli bahadan ýasaýan ýönekeý, ýöne tagamly takolary bilen meşhurdyr. El Califa de Leon-nyň satýan tagamynyň sanawy çäklije: bahasy 5 dollarlyk takonyň bary-ýogy dört görnüşini taýýarlaýar. Çaklaňja jaýa diňe birnäçe adam sygýar, şonuň üçin sargytlar köplenç penjireden kabul edilýär. Baş aşpez Arturo Riwer Martinesiň pikirine görä, olaryň üstünliginiň syry oňat hilli önümleri we hakyky reseptleri ulanmaklaryndadyr. Ol: "Tortilýa, gyzyl ýa-da ýaşyl sous we et – iň bar gerek zat (iň oňat tako üçin) " - diýýär. Garbanyşhananyň çaklaňjadygyna garamazdan, El Califa de Leon uzak wagtdan bäri ýerli ýaşaýjylaryň we jahankeşdeleriň söýgüsini gazanyp gelýär. Michelin-iň hünärmenleri, esasanam, ony Gaonera takolaryny ökde taýýarlaýandygy üçin bellediler. Bu tagam, edaranyň özi ýaly, “El Kalifa de Leon” lakamly meksikaly öküz söweşiji Rodolfo Gaonanyň adyny göterýär (ol Meksikanyň Guanahuato ştatynyň Leon şäherinde doguldy). Şeýle hem, Gaonera matador usullarynyň biriniň ady. Gaonanyň takohanany esaslandyryjynyň ýakyn dostudygy bellendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir