20-nji maýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D. Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I. Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler ýokary derejedäki özara saparlary guramaga gyzyklanma bildirdiler. Duşuşygyň barşynda söwda–ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi uly bolan mümkinçilikleri, senagat, ulag, ýangyç, energetika pudagaklary we medeni–ynsanperwer ugurlary boýunça özara gatnaşyklaryň ösüşini ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda–ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny aýratyn nygtaldy. Ilçi Premýer-ministri Magtymguly Pyrgynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaraly çäreler bilen tanyşdyrdy we Premýer-ministri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda döwlet we hökümet baştutanlary derejesinde bu waka bagyşlanyp geçiriljek sammite çagyrdy. Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň we daşary ýurt şahyrlarynyň we akyldarlarynyň heýkelleriniň açylandygyny aýtdy. Olaryň arasynda beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeli hem bar. I.Kobahidze türkmen tarapynyň çakylygy üçin, şeýle hem bu başlangyjy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi we bu heýkeliň açylmagy iki ýurduň we halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.