Wýetnamyň Milli ýygnagy general To Lamy ýurduň prezidentligine saýlamak baradaky rezolýusiýany kabul etdi. Ol ozal jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri bolupdy diýip, ýerli Thanh Niên neşirine salgylanýan RBK habar berýär. To Lam 2026-njy ýyla çenli prezidentiň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirer. Ondan öňki Wo Wan Thyong "ahlak düzgünleri" sebäpli otstawka gitdi. To Lam Wýetnamyň "hiç mahalam häzirki döwürdäki ýaly gorlary, abraýy we halkara derejesi bolmandy" diýýär we özi üçin iň möhüm zadyň "gülläp ösýän halk, güýçli ýurt, demokratiýa, adalat, siwilizasiýa" boljakdygyny aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi. Wýetnamyň täze prezidenti ýurduň daşary gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek ugruny tassyklady hem-de milli goranmak we howpsuzlyk strategiýasyna aýratyn üns berjekdigini aýtdy. Wýetnamyň bir partiýaly sosialistik parlament respublikasydygyny belläliň. Prezident, Wýetnam Kommunistik partiýasynyň (WKP) baş sekretaryndan soň, ýurduň syýasy ulgamynda ikinji adam hasaplanýar, onuň ýolbaşçylygy konstitusiýada göz öňünde tutulandyr. Döwlet baştutany Milli Mejlis (parlament) tarapyndan öz delegatlarynyň arasyndan saýlanýar.