Seýrek Auto Red Bug elektrik awtoulagy eBay-da goýuldy. Ol 1924-nji ýylda Automotive Electric Service kompaniýasy tarapyndan öndürildi diýip, IXBT habar berýär. Agaç platformada gurlan awtoulag ajaýyp ýagdaýda saklanypdyr we, hatda seýrek ulaglaryň ýaryşlarynda baýraklara hem eýe bolupdyr. Auto Red Bug asuda işleýänligi, zyýanly gazlary çykarmaýanlygy, dolandyrylyşynyň ýönekeýligi we tehniki hyzmata o diýen mätäç däldigi sebäpli meşhur bolupdyr. Bahasy 125 dollar eken, diýmek, bahasy 290 dollardan başlaýan Ford Model T -den hem arzan bolupdyr. Elektrikli awtoulag yzky böleginde ýerleşýän elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir we oturgyçlaryň aşagynda ýerleşen batareýalar bilen işleýär. Gyzykly tarapy, Auto Red Bug-yň hereketlendirijisi şol wagtky käbir içinden otlanýan ulaglarda starter hökmünde ulanylan hereketlendirijilere meňzeýär. Satyjy awtoulagyň diňe bir işlemek bilen çäklenmän, eýsem ýagdaýynyň hem gowudygyny aýdýar.