Teýlor Swiftiň ýakyn wagtda Liwerpulda boljak konsertleriniň hormatyna şäher adyny bir hepde "Teýlor-Taun" diýip üýtgeder diýip, BBC ýazýar Iýun aýynyň 8-14-i aralygynda aýdymçynyň dünýäniň dürli künjeginden gelen muşdaklary onuň döredijilik howasyndan dem alarlar. Şäheriň dürli ýerlerinde Swiftiň albomlaryna bagyşlanan 11 sany art-obýekt gurlar. Mundan başga-da, janköýerler aýdymçynyň aýdymlarynyň sözlerini seljerip, onuň häzirki zaman medeniýetine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşyp biljek “Liwerpul Teýlory söýýär” we “Teý güni” (“Tay Day”) atly tematiki seminarlary geçirmek meýilleşdirilýär. Teýlor Swift Liwerpulda üç, Londonda sekiz konsert berer. Çaklamalara görä, olaryň hersine 150 müňden gowrak adam baryp biler.