OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botynyň sesleriniň birini mejbury öçürmeli boldy, sebäbi ses aktrisa Skarlett Ýohanssonyň aýtmagyna görä, onuň “öz sesine meňzeýärdi” diýip, AP habar berýär. Aktrisa sesini ulanmaga razylyk bermändigini aýdýar. Ähtimal, Ýohanssonyň sesiniň çat-botda peýda bolmagy tötänleýin däldir: 2013-nji ýylyň “Ol” (Она) filminde aktrisa şol wagtlar oýlanyp tapylan emeli aňly futuristik kömekçä ses beripdi. “Haçan-da men çykarylan demony eşidenimde, haýran galdym we gaharlandym. Hatda meniň ýakyn dostlarym we habarlar agentlikleri-de sesleri tapawutlandyryp bilmediler” – diýip, Ýohansson belledi. Aktrisa geçen ýylyň sentýabr aýynda OpenAI-yň baş müdiri Sem Altmanyň sistema öz sesini bermek teklibinden ýüz öwrendigini belledi. Kompaniýa Sky-yň sesiniň “başga bir professional aktrisa” degişlidigini, ýöne kompaniýanyň gizlinlik düzgünleri sebäpli bu hünärmeniň adyny mälim edip bilmeýändigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, Ýohanssonyň hukukçylarynyň gatyşmagyndan soň kompaniýa sesi aýyrmaga mejbur boldy. Belläp geçsek, ChatGPT ilkibaşda saýlamak üçin bäş dürli ses hödürläp, emeli aň-kömekçisi bilen gatnaşygy has hakykylaşdyrýardy. Ilkibaşda “ses režimi” funksiýasy diňe tölegli abunaçylar üçin elýeterlidi, soň ykjam programmasyny ulanyjylaryň ählisi üçin mugt boldy. ChatGPT-niň ýakynda täzelenmesi emeli aňa adam sözleýşiniň ritmine öýkünmäge we hatda söhbetdeşiň şähdini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir