Madridiň "Realynyň" we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Toni Kroos 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatyndan soň karýerasyny tamamlar. 34 ýaşly futbolçy bu kararyny sosial mediada yglan etdi. Kroos: "Bu karar futbol karýeramyň şu tomus Ýewropa çempionatyndan soň gutarjakdygyny aňladýar" - diýip ýazdy. “Hemişe aýdyşym ýaly, "Real" meniň iň soňky klubumdy we şeýle bolubam galar. Kararym üçin dogry wagty tapandygyma we özüm karar berendigime begenýärin hem buýsanýaryn. Maksadym, karýeramy elmydama mümkinçiliklerimiň iň ýokary derejesinde tamamlamakdy "-diýip goşdy. Öz karýerasynda ýarymgoragçy, Çempionlar ligasynyň bäş ýeňşi bilen birlikde klub derejesinde 33 kubok gazandy. Germaniýa ýygyndysynyň düzümindekä, ol 2014-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Kroos 2014-nji ýyldan başlap "Realda" oýnaýar. Madridden başga-da, "Bawariýa" we "Baýer" klublary üçin oýnady. 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriler. Toparlaýyn tapgyrynda Germaniýanyň ýygyndysy Şweýsariýa, Şotlandiýa we Wengriýa toparlary bilen oýnar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir