Abu-Dabiniň suwa düşülýän kenarlary aprel aýynda BAE-de bolup geçen güýçli çabgaly howadan soň gaýtadan işe başlady. Bu barada BAE-de kabul edýän kompaniýa salgylanyp, “Inturist” syýahatçylyk operatorynyň metbugat gullugy habar berýär. “Abu-Dabiniň ähli myhmanhanalarynda suwa düşülýän kenarlar indi açyk. Wagtlaýyn ýapylyşdan soň ähli obýektler myhmanlary ýene-de kabul etmäge taýýar” – diýip, kompaniýa belledi. Syýahatçylyk operatorynyň metbugat gullugy emirligiň medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň hem ähli suwa düşülýän kenarlary açmaga we ähli kenarýaka çärelerini geçirmäge rugsat berendigini belleýär. Öň, Abu-Dabiniň häkimiýetleri güýçli ýagşyň esasynda suwuň hiliniň peselmek ähtimallygy sebäpli syýahatçylara jemgyýetçilik we myhmanhana kenarlaryndan peýdalanmagy wagtlaýyn gadagan etdi. Ýatlap geçsek, aprel aýynyň ortalarynda BAE-de güýçli ýagyş ýagdy, aýratynam, Dubaý zyýan çekdi. BAE-niň meteorologlarynyň hasaby boýunça, aprel aýyndaky çabgalar soňky 75 ýylda iň güýçlüsi boldy. Käbir sebitlerde bir günüň içinde 250 mm çenli ygal ýagdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir