“Dimona” kluby Ysraýylyň ikinji ligasyna çykyş üçin pleý-off-uň birinji tapgyrynyň oýnunda “Şimşony” penalti arkaly utdy. Toparlar 11 metrlik urgy tapgyrynyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny täzelediler. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. 20-nji maýda geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. Penalti tapgyrynda “Dimonanyň” oýunçylary güýçli boldy, olar 23:22 hasabynda ýeňiş gazandylar. Iki topar derwezä jemi 56 urgy geçirdi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, iň dowamly penalti tapgyry 2005-nji ýylda Namibiýanyň Kubogynyň finalynda “Palas” bilen “Siwiksiň” duşuşygynda boldy (2:2, 17:16 – penalti). Şonda toparlar derwezä 48 urgy geçirdiler.