Braziliýanyň San Paulo uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň alymlary gözleg geçirip, pyýada ýöremek, ylgamak, tans ýa-da welosiped sürmek ýaly aerobiki türgenleşikler bilen diňe agşam meşgullanylanda, gan basyşyna oňyn täsir edýändigini anykladylar. Bu barada, The Journal of Physiology žunalynda çap edilen makalada aýdylýar. Eksperimende 60 ýaşdan uly bolan, gipertoniýaly 23 näsag gatnaşdy. Olar hepdede üç gezek, welotrenažorda ortaça intensiwlikde 45 minut maşk etdiler. Netijeler, agşam maşk edenleriň sistolik we diastolik gan basyşynyň, ýürek urşunyň, şeýle hem gan basyşyny kadalaşdyryjy esasy mehanizmleriň biri bolan, barorefleks duýgurlygy ýaly ýürek-damar gökezijileriniň gowulaşandygyny görkezdi. Irden maşk eden toparyň diňe diastolik gan basyşy gowulaşdy. "Agşamky maşklar, ýürek-damar ulgamynyň wegetatiw kadalaşdyrylmagyny gowulandyrmakda we gan basyşyny peseltmekde has täsirli boldy"-diýip eksperimendiň awtorlary düşündirdi. Olaryň pikiriçe, bu bedeniň agşam fiziki işjeňlige has gowy jogap bermegi bilen baglanyşyklydyr. Gözlegiň netijeleri, bedenleri gipertoniýanyň derman bejergisine jogap bermeýän adamlar üçin peýdaly bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir