Apple Hytaýda iPhone, iPad, Apple Watch we beýleki önümleriniň görlüp-eşidilmedik baha arzanlaşygyny habar berdi. Arzanlaşyk 320 dollara ýetýär, bu kompaniýanyň Hytaý bazaryndaky taryhynda iň uly arzanlaşygydyr, diýip IXBT ýazýar. Analitikler bu ädimi 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda iPhone satuwynyň ýyllyk hasabynyň 7% azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Netijede, iberilýän harytlaryň göwrümi boýunça Apple birinji orundan dördünji orna düşýär. iPhone 15 we iPhone 15 Plus-yň başlangyç bahasy 200 dollar arzanladyldy, iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max modelleriniň bahasy bolsa, 260 dollardan 320 dollara çenli arzanladyldy. Bahalaryň arzanlamagy Apple Watch Series 9, iPad, MacBook Air, AirPods we beýleki önümlere-de täsir etdi. Hünärmenler, bu çäräniň wagtlaýyndygyny we Apple-iň Hytaý bazaryndaky uzak möhletli meselelerini çözüp bilmejekdigini bellediler. Kompaniýa ýitgini yzyna gaýtarmak üçin generatiw AI (emeli aň) pudagyndaky bäsdeşleriniň yzyndan ýetmelidir. Arzanlaşyk Hytaýda her ýyl 1-nji iýundan 18-nji iýuna çenli geçirilýän 618 Shopping Festival söwda festiwalyna gabat getirildi.