Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri gipertoniýa hadysalarynyň sanynyň artmagyndan howatyrlanýarlar. Olar täze hasabatda diňe Ýewropanyň özünde uly adamlaryň her üçünjisiniň diýen ýaly ýokary arterial basyşdan ejir çekýändigini habar berýärler. BSGG munuň, esasan, duzuň çendenaşa köp ulanylmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Aýratynam, köçe naharlary we ultra-gaýtadan işlenen iýmitler aşa duzly bolýar. Yzygiderli artykmaç sarp ediş arterial basyşyň ýokarlanmagyna we arterial gipertenziýanyň ösüşine uly täsir edýär. Ýewropa sebitiniň 53 ýurdunyň 51-inde duzuň ortaça günlük sarp edilişi BSGG tarapyndan maslahat berlen günde 5 g (bir çaý çemçesi) derejeden ýokarydyr. Hasabata görä, gipertoniýa netijesinde ýüze çykýan ýürek-damar keselleri Ýewropada maýyplygyň we wagtyndan irki ölümiň esasy sebäbi bolup, her gün 10 000 adamyň ölmegine getirýär. Erkekleriň arasynda aýallara garanda bu kesellerden ölüm iki ýarym esse köpdür. “Dört million – bu her ýyl ýürek-damar keselleri netijesinde bolýan ölümiň sany, ilkinji nobatda, erkekleriň arasynda we aýratynam, biziň sebitimiziň gündogar böleginde. Bu haýran galdyryjy görkeziji. Bu fakt, ýöne biziň üýtgedip biljek zadymyz” diýip, BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň baş müdiri Hans Klýuge belledi. Duzuň sarp edilişini 25% azaltmak 2030-njy ýyla çenli ýürek-damar kesellerinden 900 000-e golaý adam ömrüni halas edip biler. BSGG ýurtlary duzuň sarp edilişini azaltmak boýunça ilata düşündirmek, azyk önümlerinde duzuň düzümini kadalaşdyrmak, sagdyn iýmiti goldamak ýaly toplumlaýyn çäreleri işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge çagyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir