2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ýeriň ýaşaýjylary “Planetalaryň ýörişi” diýlip atlandyrylýan ajaýyp astronomiki hadysanyň şaýady bolarlar. Şol gün Gün ulgamynyň alty planetasy: Merkuriý, Ýupiter, Uran, Mars, Neptun we Saturn asmanda bir hatara düzüler diýip, Starwalk.space-e salgylanýan RBK habar berýär. Bu Ýer togalagynyň dürli künjeklerinden syn edip boljak uly deňleşme bolar. Ýupiteri, Merkurini, Marsy we Saturny adaty göz bilenem görüp bolar. Şeýle-de, dürbüsi ýa-da teleskopy bar adamlar Urany we Neptuny hem görüp bilerler. Kosmiki hadysany görmek üçin wagty dogry saýlamaly: ýerleşýän ýeriňizde daňyň haçan atýandygyny bilmeli we şondan azyndan bir sagat öň synlamaga başlamaly. Siziň duran ýeriňizden planetalaryň deňleşmesiniň nähili we haçan görünjekdigini barlamak üçin Starwalk Space portaly Sky Tonight programmasyny ulanmagy maslahat berýär. Günüň bir tarapynda birnäçe planetanyň biri-birine golaý hatara düzülme hadysasyna astronomiýada “planetalaryň deňleşmesi” diýilýär. Emma NASA öz neşirlerinde “planetalaryň ýörişi” diýen adalgany ulanýar. Kiçijik planetalaryň ýörişleri ýygy-ýygydan bolýar. Munda köplenç üç ýa-da dört asman jisimi hatary düzülýär. Bäş ýa-da ondan köp planetanyň “gatnaşýan” ýörişleri seýrek hasaplanýar. Geljek ýylyň ahyryna çenli jemi bäş ýörişiň bolmagyna garaşylýar: 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda we 28-nji awgustynda, şeýle hem 2025-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda, 28-nji fewralynda we 29-njy awgustynda. Esasanam, 2025-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky hadysa has tapawutlanar, Gün ulgamynyň beýleki ýedi planetasynyň hemmesi bir hatara düzüler. Emma bu hadysany has gowy synlamak üçin teleskop gerek bolar.